744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Makalalar
GÜL AÇÝAR GARAŞSYZ DIÝAR
29.01.2025

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Garaşsyz Diýarymyzyň her bir güni rowaçlyga beslenýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem uly üstünliklere, taryhy wakalara, ösüşlere beslenen şan-şöhraty bilen dünýä ýaň salan şanly ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleriň, ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde nebitgaz pudagynyň agzybir işgärleriniň hem mynasyp goşandynyň bardygy buýsandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we toplumlaýyn çäreleri geçirmegi dowam etdirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, gazçylarymyz täze güýç bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pudagyň öňünde goýan wezipelerini berjaý etmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilip, abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan goldanylýar. Bu energetika taslamasy diňe bir Günorta Aziýanyň ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy berkitmekde-de möhüm ähmiýete eýedir.

Geçen ýylyň sentyabrynda Mary welaýatynda sebitde howpsuzlygyň berkidilmegine, goňşy döwletleriň, sebitiň ýurtlarynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, durnukly ykdysady gurşawyň döredilmegine ýardam bermäge gönükdirilen iri taslamalara badalga berildi. Hususan-da, TOPH transmilli gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat - Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berildi we «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbi tutuldy.

Şeýlelikde, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna ibermegiň dürli ugurlaryny döretmek, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmak, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak, şol sanda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny, maýalaryny çekmegiň hasabyna bu işleri işjeňleşdirmek boýunça möhüm wezipeler durýar. Şunda gözleg işlerini geçirmäge, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Bu işler «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýar. Uglewodorod çig malyny çuňňur gaýtadan işlemäge ýöriteleşen önümçilik toplumlary hem önde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam berýär. Şunuň bilen bagly nebit we gazhimiýa senagatyny ösdürmeklige uly ähmiýet berilýär. Bu pudaklaryň önümlerine daşary ýurtlarda isleg ýokarydyr. Şeýle-de nebit we gaz çig mallaryny gaýtadan işlemeklige ünsüň güýçlendirilmegi toplumyň önümçiligini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklige giň ýol açýar. Bu giň göwrümli il-ýurt bähbitli işler ýurdumyzyň energetika syýasatynyň batly depginler bilen öňe barýandygynyň subutnamasydyr hem-de eziz Diýarymyzyň ösüşleriniň halkara derejesinde ykrar edilmeginde uly ähmiýete eýedir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri örän buýsandyrýar. Göwünleriň we ömürleriň gülleýän döwründe ýaşamak, mukaddes Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine goşant goşmak, durmuşa geçirilýän iri taslamalara, şatlykly wakalara şaýatbolmak uly bagt. Halkymyzyň ýaşaýyş şertlerinigowulandyrmaklyga, ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaklyga gönükdirilen döwlet syýasatynda nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň ähmiýetiniň uludygyna düşünýän işgärlerimiz we hünärmenlerimiz her bir iş gününi zähmet üstünliklerine besleýärler.

Yhlasly, halal zähmet çekýän we bagtyýarlyk döwrüniň eşretli zamanasynyň hözirini görüp ýaşaýan her bir ynsanyň kalbynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlar pürepürlenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny üstünlikli jemläp, täze 2025-nji ýyly - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşylan agzybir halkymyz bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň mundan beýläk hem ösmegi üçin yhlasly zähmet çeker.

Gülşat MYRATBERDIÝEWA,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýörite

işler boýunça esasy hünärmeni.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti