744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Makalalar
Metan zyňyndylaryny azaltmagyň meseleleri
14.02.2025

Türkmenistanda ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly meselelere uly üns berilýär. Ykdysady işiň we daşky gurşawy goramagyň arasyndaky deňagramlylygy tapmaga we oňa ýetmäge gönükdirilen başlangyçlaryň ähmiýeti bellenip geçilýär. Türkmenistan daşky gurşawy goramakda uly üstünlikleri gazanýar. Bu başlangyjyň çäklerinde metanyň zyňyndylaryny tapgyrma-tapgyr azaltmak maksatnamasy kabul edildi, bu bolsa ýurdumyzyň ekologiýa babatda dünýä standartlaryna we durnukly ösüşe ygrarly bolup galýandygyny görkezýär.

Metan zyňyndylary, esasan, senagat önümçilik işlerinde enjamlaryň syzdyrmasynda, birleşmelerdäki ýa-da dykyzlandyrmadaky şikeslerde ýüze çykyp bilýär. Gözegçilik etmek çäkli bolup durýan alawlarda we meýdan işlerinde hem esasy metan zyňyndylary bolýar. Nebitgaz pudagynda metan zyňyndylarynyň esasy çeşmeleri guýular, guýynyň agyz sakasy we beýlekiler bolup biler.

Nebitgaz pudagynda metan zyňyndylarynyň esasy çeşmeleri suwuklyk ýüklerini düşürmekde, guýularda düýpli bejeriş işlerini geçirmekde, ýyladyjy enjamlarynda, separatorlarda, kompressorlarda ýangyç gazyny ýakmakda, gazdan suwy we kondensaty bölüp aýyrmakda, alawlarda, awtomatlaşdyrylan enjamlarda, guýulary basmarlamakda, guýulary gysylan howa bilen açmakda, güýçli gaz arkaly arassalamakda ýüze çykyp köp mukdarda metan goýberilip bilner. Şeýle hem metanyň zyňyndylarynyň gazy fiziki we himiki taýdan gaýtadan işlemekde ýüze çykmagy mümkin.

Atmosferany hapalaýjy maddalaryň zyňyndy çeşmeleri guýularda geçirilýän gazgidrodinamiki barlag işleri, guýularyň hem-de üfleýjileriň sweçleri bolup bilýär. Gazy işläp taýýarlama döwründe gaz bilen bile çykýan senagat suwlarynyň düzümindäki poslama garşy ulanylýan ingibitorlar bilen baglanyşykly bolup biler.

Gaz we gazkondensat känlerini işläp geçmek döwründe howa gurşawyny goramak işinde ekologiýa taýdan howpsuz we öňdebaryjy tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrmak, enjamlaryň jebisligini ýokarlandyrmak, gaz geçirijilerde göwrümleri arassalamak atmosfera zyýanly maddalaryň bölünmeginiň öňüni almaklyga ýardam edýär.

Häzirki wagtda guýularda metan zyňyndylaryny peseltmek usullarynyň birnäçe görnüşleri bar. Olara nasos-kompressor turbalarynyň diametrini kiçeltmek, üst-işjeň maddalaryň toplumlaryny, köpürjik goýberýän nasos enjamlaryny gurnamak, ýerüsti datçikleri ulanmak degişlidir. Şeýle hem wizual gözegçilikleriň esasynda kemçilikler ýüze çykarylan ýagdaýynda köne enjamlary, şol sanda separatorlary we ýylylyk alşyjy enjamlary we başgalary çalyşmak zerur bolup durýar. Metanyň zyňyndylaryny wizual we hemra (sputnik) gözegçiliklerini amala aşyrmak hem-de gös-göni ölçeýji enjamlaryň kömegi bilen kesgitläp bolýar.

«Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, senagat syryntgy suwlarynyň bellenilen rugsat edilýän aňryçäk derejesine çenli arassalanman, ýeriň üstüne akdyrylmagy gadagan edilýär. Şol sebäpli hem hapalanan syryntgy suwlarynyň ýeriň üstüne akdyrylmagyna ýol berilmeli däldir. Olaryň zyýansyz ýok edilmegi we arassalanmagy boýunça degişli çäreleriň amala aşyrylmagy oňyn netijeleri berýär.

Näzikjemal ALLABERDIÝEWA,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag

tebigy gaz institutynyň 1-nji derejeli tehnigi

Çeşme: Türkmenmetbugat