Aşgabat şu gün dünýä energetika diplomatiýasynyň esasy merkezine öwrüldi! Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2025” atly XXX ýyllyk Halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady.
OGT 2025-iň netijeli işewür hyzmatdaşlyk üçin möhüm meýdança bolandygyny aýratyn bellemeli. Bu ýyl ilkinji gezek gatnaşyjylar üçin göni B2B duşuşyklary geçirilýän ýörite zolak döredildi. Ol ýerde türkmen telekeçileri hem-de döwlet konsernleriniň wekilleri daşary ýurtly maýadarlar bilen ýüzbe-ýüz gepleşikler alyp barýarlar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ony köp milliardlyk maýa goýum taslamalaryna öwürmäge mümkinçilik berýär.
Bu ýylky forum öňki ýyllaryň ähli rekordlaryny täzeledi: dünýäniň 70 döwletinden 1500-e golaý wekiliň gatnaşmagy bilen, ýüzden gowrak kompaniýa özüniň iň täze tehnologiýalaryny we innowasion çözgütlerini hödürleýär. Sebitiň energetika ministrleriniň, iri halkara korporasiýalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy bu ýerde Ýewraziýa giňişliginiň energetika gün tertibiniň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bu derejedäki gyzyklanma hem öz-özüni düşündirýär. Dünýäniň iň iri tebigy gaz gorlaryna, şol sanda “Galkynyş” känine eýe bolan Türkmenistan eýýäm uzak möhletleýin, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalyp gelýär.
OGT 2025-de diňe uly möçberler däl, eýsem ösüşiň strategik ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Esasy temalar — baý tebigy serişdeleriň netijeli monetizasiýasy, TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem gün we ýel energiýasyna esaslanýan ekologiýa taýdan arassa taslamalara geçiş. Aslynda, bu forum Türkmenistan üçin täze, diwersifikasiirlenen energetika syýasatynyň hem beýanyna öwrülýär.
Çakanowa Şasenem,
"Türkmennebit" DK-niň Işgärler we hukuk müdirlginiň Hukuk bölüminiň baş hünärmeni