Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen önümçilige ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde öz işine ökde, ussatlyk bilen erk edýän hünärmenlere bolan isleg barha artýar. Galyberse-de, öňden bar bolan önümçilikleriň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak, kämilleşdirmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Häzirki döwrüň şu talaplaryndan ugur alnyp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Okuw merkezi «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda gurlup ulanmaga berildi. Okuw merkeziniň esasy maksady nebitgaz toplumynyň we toplum bilen bilelikde iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak, täze şertlerde döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman maglumatlar, wajyp ugurlar boýunça hünärmenleri kämilleşdirmek, şonuň ýaly hem ýurdumyzyň syýasatynda we ykdysadyýetinde bolup geçýän öňegidişlikler barada okuwlary guramak bolup durýar.
Okuw merkezinde nebitgaz toplumynyň ýerlerdäki edaralaryndan hünärini kämilleşdirmäge gelýän hünärmenlere öz ugurlary boýunça bilimini çuňlaşdyrmak, gözýetimini giňeltmek bilen, zerur bolan täze tehnologiýalar, maglumatlar we häzirki zaman ylmynyň ýeten derejeleri barada ýeterlik düşünje berilýär.
Hünärmenler, hususan-da, nebit we gaz geologiýasynyň esaslary we bu ugurda innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti, nebit we gaz ýataklaryny gözlemegiň, barlamagyň geofiziki usullary, bu işde interaktiw çemeleşmeleriň ulanylyşy, nebitgaz guýularyny burawlamakda täze tehnologiýalar, ýapgyt we ýapgyt gönükdirilen guýulary burawlamak tehnologiýasy, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmekde, ulanmakda häzirki zaman usulyýetleri, kebşirlemegiň häzirki zaman tehnologiýasy, gazy çykarmak, taýýarlamak, ugrukdyrmak tehnologiýasy, nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy we bu işde häzirki zaman usullary, gazhimiýa önümçiliginiň tehnologiýasy, guýularda geofiziki derňew işlerini geçirmek barada bilimlerini kämilleşdirýärler.
Häzirki wagtda 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Okuw merkezinde 2024 — 2025-nji okuw ýyly üçin tassyklanan okuw-iş meýilnamalary esasynda okuwlar güýçli depginde alnyp barylýar. Okuw merkezinde, esasan, nebitgaz toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, gaýtadan taýýarlamak okuwlary bilen bir hatarda, işçileri zähmetine görä tapawutlandyrmak, derejelendirmek boýunça hem okuwlar ýola goýuldy. Okuw merkezinde nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynyň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly ugurlardan guralýan okuwlar, esasan, toplumyň hünärmenlerine önümçilik edara-kärhanalarynda oturdylan we ornaşdyrylan täze, döwrebap, häzirki zaman tehnologik enjamlarda işlemekligiň inçe syrlaryny, önümçilik desgalarynda ýüze çykýan meselelerden baş alyp çykmaklygy öwretmekden ybarat bolup durýar. Şol sebäpli bu merkezde guralýan okuwlar, esasan, nebitgaz toplumynyň önümçilik edara-kärhanalarynda birnäçe ýyllaryň dowamynda zähmet çeken, baý tejribesi bolan hünärmenleri hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň alymlarydyr tejribeli mugallymlaryny, nebitgaz toplumynyň ylmy institutlarynyň ylmy hünärmenlerini şertnama esasynda mugallym edip çagyrmak arkaly okadylýar.
Bulardan başga-da, Okuw merkezinde diňe bir nebitgaz toplumynyň hünärmenlerini okatmak bilen çäklenilmän, beýleki pudaklaryň edara-kärhanalarynyň, ýerli hususy kärhanalaryň hünärmenlerini degişli ugurlar boýunça okatmak hem ýola goýlandyr. Bu ýerde okuw sapaklary degişli görkezme esbaplary, okatmagyň häzirki zaman tehniki serişdeleri arkaly guralan okuw otaglarynda geçirilýär.
Meýilnama laýyklykda, okuwyň dowamlylygy her tapgyrda jemi 72 sagat bolup, 2 hepdeden ybaratdyr. Her tapgyrda okuwlar tamamlanandan soň, hünärmenlere Okuw merkezi tarapyndan öz okan ugurlary boýunça türkmen we iňlis dillerinde doldurylan şahadatnamalar gowşurylýar.
«Okuw merkezimizde nebitgaz toplumyna degişli bolan kebşirleýiş, aragatnaşyk, elektrik ugurlary boýunça ýörite enjamlaşdyrylan otaglar bar. Beýleki okuw otaglary hem kompýuter hem-de proýektorlar bilen abzallaşdyrylan. Ondan başga-da, gürrüňdeşlikleri, sorag-jogaplary, çekişmeleri, wideoşekilleri, maslahatlary, seminarlary, söhbetdeşlikleri guramak üçin otaglar we mejlisler zaly bar.
Okuw merkezi tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlaryndaky önümçilik edara-kärhanalaryndan okuwlara ýollanylýan hünärmenler diňleýjiler üçin niýetlenilen umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär. Hünärmenler okuwdan boş wagtlary sport meýdançasynda futbol, basketbol ýaly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar.
Nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, gaýtadan taýýarlamak, işçileri zähmetine görä tapawutlandyrmak hem-de derejelendirmek boýunça yzygiderli okuwlary guramak, okuwlaryň üsti bilen hünärmenleriň tejribelerini artdyrmaklary üçin hemmetaraplaýyn ýardam-goldawlary berýän, mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň röwşen geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!» diýip, merkeziň okuw bölüminiň müdiri Rahman Abdyşukurow gürrüň berýär.
Okuw merkezinde ýurdumyzyň çar künjeginden gelen nebitgazçylaryň hünärini kämilleşdirmegi, ylmyň soňky gazananlary bilen tanyşdyrylyp, nazary we tejribe okuwlarynyň geçirilmegi üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi geljekde-de okuwlaryň many-mazmuna has baý boljakdygyna uly ynamy berkidýär.
Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti