Gaz känlerini işläp geçmekligiň esasy tilsimat görkezijileri hasaplananda, wagtyň geçmegi bilen birnäçe parametrleriň bahalary üýtgeýär: gaz guýularynyň çykymy, olaryň gerekli bolan sany, guýulary ulanmagyň kesgitlenen tilsimat düzgüni, gazyň çykarylyşynyň saýlanyp alnan depgini, guýularda gatlak we düýp çuňluk basyşlaryň üýtgemegi we başgalar.
Gaz guýularyny ulanmagyň tilsimat düzgüni diýlip guýynyň çykymy we düýp çuňluk basyşyň ýa-da onuň gradiýentiniň arasyndaky kesgitlenen baglanyşygyň goldanýan ýagdaýyndaky guýularyň iş düzgünine düşünilýär. Matematiki nukdaýnazardan, guýulary ulanmagyň tilsimat düzgüni düýp çuňlukda çäkli şertleri kesgitleýär, ýagny bu ýagdaýda gazyň guýa tarap süzülmesiniň differensial deňlemesini integrirlemek üçin bilmek zerur bolup durýar.
Gaz guýusynyň tilsimat düzgüni — bu çykymyň we düýp çuňluk basyşyň bahalary (ýa-da onuň gradiýenti) bilen häsiýetlendirilýän düýp çuňluk zolak we guýynyň nili boýunça gazyň hereketiniň öňünden kesgitlenen iş tertibiniň şerti hem-de birnäçe tebigy çäklendirmeler bilen kesgitlenilýär. Mysal üçin, energiýany tygşytlamak, guýulary amatly ulanmak, ýokary depressiýada düýp çuňlukdaky dag jynslarynyň opurylmagyna ýa-da düýp çuňluga gatlak suwunyň gelmegine ýol bermezlik we başgalar.
Gaz guýularynyň tilsimat düzgüni amatly girdejiniň kadalarynda gazyň has peýdaly çykymyny, guýyny, guýy enjamlaryny we desgalaryny kadaly ulanmaklyga hem-de käni işläp geçmekligiň hemme wagtynda daşky gurşawy we ýer astyny goramak şertleri bilen, has ýokary gaz berijiligi amala aşyrmak üçin gerek bolan ähli toplumlaýyn işleri hökmany ýagdaýda üpjün etmelidir. Guýulary ulanmagyň tilsimat düzgüni diňe gatlagyň we guýynyň gidrodinamiki we termodinamiki parametrleri bolman, toplumlaýyn häsiýetnamasy hem bolup durýar hem-de gatlagyň düýp çuňluk zolagynyň deformasiýa hem-de berklik häsiýetleri bilen kesgitlenilýär. Ony kesgitlemäge geologik, tehnologik, tehniki, ekologik, ykdysady, gazy, gaz kondensatyny sarp etmek üçin bar bolan maglumatlaryň kesgitli däldigi, guýularyň sany, ýerleşişi hem-de başga-da birnäçe faktorlar täsir edýär.
Gaz guýularyny ulanmagyň tilsimat düzgüniniň dogry kesgitlenilmegi geologiýa-önümçilik, tehniki, ykdysady, ekologik şertlerden gelip çykýan energiýa hem-de maýa goýumlary gorap saklamakda, has az gidrawliki we ýylylyk ýitgili tilsimatda ýokary gazyň mukdaryny almagy üpjün edýär. Tilsimat düzgün, esasan, guýynyň işçi çykymy, bu çykymda guýynyň agyz sakasyndaky basyş, temperatura bilen häsiýetlendirilýär. Şeýle-de guýynyň ýerasty, ýerüsti enjamlarynyň, gurluşynyň ýagdaýy hem tilsimat düzgüniň kesgitlenilmegine täsir edýär.
Tehnologik düzgün kesgitlenilende, guýulara edilýän hyzmatyň tertibini hasaba almak gerek bolýar, ol bolsa, öz gezeginde, onuň işine gözegçiligi, gazyň, kondensatyň, suwuň çykymyny, guýynyň agyz sakasyndaky basyşy, temperaturany, dag jynslarynyň bölejikleriniň alnyp çykarylmagyny, gatlagyň ýykylmagyny, düýp çuňlugyň ýagdaýyny, çäge toýunly dykylaryň emele gelmegini, suwuň çekilip gelmegini, gatlagyň deşilip açylan hemme aralyklarynyň peýdaly işlemegini, gatlagyň düýp çuňluk zolagynyň, nasos-kompressor turbalaryň, oturdylan turbalaryň deformasiýasyny öz içine alýar.
Tilsimat düzgüniniň işini dogry kesgitlemek üçin guýulary ulanmagyň seljermesi we ýylda bir gezek yzygiderli ýagdaýda energiýany ulanmagyň tygşytly düzgüninde guýularda dürli düzgünlerde barlag işleri geçirilýär. Alnan maglumatlaryň esasynda degişli guýynyň işiniň, şol sanda energiýany ulanmagyň çäkli amatly düzgünleri saýlanyp alynýar.
Gatlakdan guýynyň düýp çuňlugyna gazyň akymynyň çagyrylmagynyň esasylarynyň biri gatlaga bolan depressiýa bolup durýar. Düýp çuňlukda depressiýa näçe uly bolsa, ýagny gatlak basyşy bilen düýp çuňluk zolakdaky basyşlaryň aratapawudy hem uly bolsa, şonça hem guýynyň çykymy ýokary bolýar. Gazyň çykymy, bulardan başga-da, gatlagy açmagyň häsiýetine, derejesine, onuň geçirijilik häsiýetlerine, çüwdürim turbalarynyň, ýerasty, ýerüsti enjamlaryň geçirijilik ukybyna bagly bolýar.
Näzikjemal ALLABERDIÝEWA,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň 1-nji derejeli tehnigi.
https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/43/articles/184064