744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Makalalar
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň işgärleri ýol hereketi biraýlygyň çäginde çäre geçirdiler
10.09.2025

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda nebit gaz toplumynyň işgärleri bilen duşuşyk geçirildi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýol gurluşygynyň desgalarynyň örän köpüsi guruldy. Şeýle desgalaryň gurluşygy häzirki wagtda hem batly depginlerde dowam edýär. Bularyň ählisi halkymyzyň howpsuz, rahat durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir.

Döwrebap ak ýollarymyzda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek ähli herekete gatnaşyjylaryň borjudyr. Abadan ýollarymyzda hereketi sazlaýjy, ugrukdyryjy enjamlaryň dürli görnüşleri oturdylandyr. Şol enjamlara sürüjileriň hem, pyýada laryň hem berk eýermegi möhümdir. Biziň her birimiziň ömrümiziň rahatlygy kanuny kadalary, düzgünleri berk berjaý etmek bilen baglydyr. Duşuşygyň ahyrynda hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri bilen çärä gatnaşyjylaryň arasynda sorag jogap alşyldy.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti