744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Makalalar
Energetika pudagyny ösdürmek üçin Türkmenistanda täze tehnologiýa döredildi
12.09.2025

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy «Energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak arkaly goýy suwuklykly dietilenglikoly gaýtadan dikeltmekde innowasiýalar» diýen tehnologiýa üçin awtorlyk hukugyny bellige aldy we güwänamany berdi diýip, «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy tehnologiýalar parkynyň energiýa önümçiligi we tygşytlamasy barlaghanasyndan M.Hudaýberdiýewiň, R.Esedulaýewiň, D.Gadamowyň hemde A.Pirmedowyň gatnaşmaklarynda döredilen işläp taýýarlama nebit gaz kondensatly ýataklarda dietilenglikoly gaýtadan dikeltmek işini gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Tebigy gazyň düzümindäki suw bugy basyşyň we temperaturanyň bellibir şertlerinde metanyň gidratlaryny emele getirýär, bu bolsa turba geçirijileriň dykylmagyna hemde enjamyň zaýalanmagyna sebäp bolýar. Bu meseleleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin tebigy gazy guradyjy hökmünde dietilenglikol giňden ulanylýar. Oýlap tapyşyň wajyplygy siňdiriji serişdäniň 99 göterim we ondan ýokary derejede üpjün edilmeginiň zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Şeýlelikde, bu tehnologiýa ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli çözgüdi hödürläp, tebigy gazyň diňe bir guradylmagynyň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, energetika pudagynyň durnukly ösüşine goşant goşar.

Rejepnyýaz MAGTYMOW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti