744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Makalalar
Barsagelmeziň hünärmenleri ýylyň başyndan bäri nebit önümçiligine aýratyn goşant goşdy
16.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz döwlet derejesindäki geçirýän mejlislerinde, maslahatlarynda edýän maksatnamalaýyn çykyşlarynda, kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şonuň bilen birlikde-de, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmagy we çykarmagy, täze ýataklary özleşdirmegi, uglewodorod çigmallaryny gaýtadan iläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek boýunça göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa ornaşdyrmagy baş wezipe hökmünde öňe sürýär.

Bu anyk wezipelerden ugur alnyp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň guýulary düýpliabatlaýyş müdirliklerinde netijeli işler amala aşyrylýar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu trestiň düzümindäki guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri boýunça şu ýylyň başyndan bäri geçen hasabat döwründe goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 141 müň tonna golaýlady. Bu görkeziji geçen sekiz aý üçin bellenilen meýilnamanyň 135 göterim ýerine ýetirilendiginden habar berýär. Tutuş trest boýunça gürrüňi edilýän hasabat döwründe 271 guýa derek 289 guýynyň abatlanyp, nebit-gaz çykaryş müdirliklerine ulanyşa tabşyrylandygy hasam buýsançly görkezijidir.

Gazanylýan zähmet üstünliklerinde «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň aýratyn goşantlary bar. Ady agzalýan müdirlik boýunça şanly ýylymyzyň başyndan bäri «gara altynly» guýularyň 117-sine «gaýtadan ömür» berildi. Netijede, täzeden hatara goşulan guýular «Nebitdag nebit», «Gumdag nebit» we «Gamyşlyja nebit» nebit-gazçykaryş müdirliklerine ulanyşa berildi. Hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebit çigmalynyň möçberi 46 müň tonnadan geçip, bu baradaky meýilnama 127 göterim berjaý edildi. Şeýle hem bu döwürde 1 million 389 müň kub metr «mawy ýangyç» goşmaça alnyp, sarp edijilere ýetirildi.

Ýeri gelende aýtsak, «Barsagelmez» guýulary düýpliabatlaýyş müdirliginiň abatlaýjylary soňky ýyllarda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri bolan Hytaý Halk Respublikasynyň ХJ-250, ХJ-450, ХJ-650, Russiýa Federasiýasynyň «KAMAZ» kysymly nebit gaz senagatyna ýöriteleşdirilen has kuwwatly tehnikalarydyr desgalary, kämil tilsimatlarydyr enjamary bilen üpjün edildi.

Tuwakgylyç GELDIÝEW, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti