744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Türkmenistan nebitgaz pudagyny çalt depginde ösdürýär
01.10.2025

— 34 ýyllyk şanly senesine ýurdumyzyň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz senagatynyň işgärleri hem zähmet ýeňişleri bilen geldiler. Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler bizi has-da - buýsandyrýar. Umumy milli forumyň çözgütleri bilen bagly nebitgaz toplumynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda maňa ýokary döwlet sylagy — «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy. Şol gün ömrümiň bagtly günleriniň biri hökmünde hakydamda hemişelik orun tutar.

Hormatly Prezidentimize zähmetime beren ýokary bahasy üçin çäksiz hoşallyk bildirýärin. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Men hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde durmuşa geçirilýän bu möhüm gaz geçirijiniň gurluşygynda işleýändigime buýsanýaryn. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns-aladasy bilen nebitgaz toplumy batly depginlerde ösdürilýär. Toplumyň işleriniň ilerlemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Nebitgaz senagatynyň işgärleri ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär.

Biz — ýangyçenergetika toplumynyň işgärleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny batly depginler bilen ösdürmek hem-de halkara energetika giňişligine goşmak baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmaga öz goşandymyzy goşmakda ýadawsyz zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

 

Akmyrat GURBANGULYÝEW, «Türkmengaz» DK- nyň Taslama işleri müdirliginiň inženergözleg, barlag bölüminiň başlygy

Çeşme: "Nebit-Gaz" gazeti