744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Türkmenistanyň energetika syýasaty: durnukly ösüş, halkara hyzmatdaşlyk we “ýaşyl” tehnologiýalar ugrunda öňe gidişlik
23.10.2025

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň energetika syýasaty, nebitgaz senagatynyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge we ony halkara energetika ulgamyna üstünlikli integrasiýa etmäge gönükdirilendir. Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli maýa goýum taslamalary sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär.

Uglewodorod serişdelerine baý bolan Türkmenistan energiýa üpjünçiliginiň geografiýasyny giňeltmäge, şeýle hem öňdebaryjy nebitgaz we maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýar.

Ýurt häzirki döwrüň talaplaryna laýyk energetika howpsuzlygynyň täze ulgamyny döretmäge, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge, şeýle-de «geljegiň ýangyjy» hökmünde tanalýan wodorod öndürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara çykarmak ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistan dünýäde iň iri gaz gorlaryna eýe ýurtlaryň biri bolup, bu babatda «Galkynyş» we «Uzynada» ýataklary möhüm orun eýeleýär. Döwlet konsernleri hem-de halkara hyzmatdaşlary, hususan-da Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasy (CNPC) bilen bilelikde Amyderýanyň sag kenarynda täze ýataklary gözlemek we özleşdirmek işleri alnyp barylýar.

Mundan başga-da, Türkmenistan uglewodorod çig malyny çuňňur gaýtadan işlemäge ýöriteleşen häzirki zaman senagat kärhanalarynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Maksat diňe bir içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak däl, eýsem nebit himiýasy üçin çig mal binýadyny döretmek arkaly eksportda ýokary goşmaça gymmatly önümleriň paýyny artdyrmakdyr. 2030-njy ýyla çenli Ösüş maksatnamasynyň çäklerinde täze gazhimiýa toplumlaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Dünýäde dowam edýän ekologik we durnukly ösüş tendensiýalary bilen bir hatarda, Türkmenistan ekologiýa meselelerine hem aýratyn üns berýär. Ýurduň ýangyç-energetika toplumy ekologiýa talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar, bu bolsa «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we tebigata aýawly çemeleşilmegine esas döredýär.

Türkmenistan energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek, ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary alyşmak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda daşary ýurt maýa goýujylary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirýär.

Her ýyl geçirilýän OGT-2025 ýaly ýöriteleşdirilen sergiler we maslahatlar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşini wagyz etmek hem-de bu strategik ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm halkara meýdança hökmünde çykyş edýär.

Bäşimow Ilmyrat,

"Türkmennebit" DK-niň Işgärler we hukuk müdirliginiň baslygynyň orunbasary – Işgärler bölüminiň başlygy