«Türkmengaz» döwlet konserni halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň "KS-1 Şatlyk" kompressor stansiýasyny gurjak, enjamlar bilen üpjün etjek we ony işe girjek kompaniýany kesgitlär. Degişli bäsleşik 20-nji iýunda «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Gyzyklanma bildirýän kompaniýalara bäsleşige gatnaşmak üçin «Türkmengaz» döwlet konsernine isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri, kompaniýanyň işi barada maglumaty, hususan-da, şular ýaly taslamalarda iş tejribesi hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmak teklip edilýär Şeýle hem "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly. Şol bir wagtda ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär. Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär. Belläp geçsek, Türkmenistanyň gündogar böleginden günbatara çekilen we ýylda 30 mlrd kub metre çenli gazy ibermäge niýetlenen «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi 2015-nji ýylyň dekabrynda işe girizildi. Häzirki wagtda bu gaz magistraly eýýäm gurlan we geljekde Türkmenistanda guruljak birnäçe täze senagat desgalaryny «mawy ýangyç» bilen üpjün edýär. Mundan başga-da, turba geçirijisi türkmen gazynyň Ýewropa ugrunda eksport ibermelerini ýola goýmaga mümkinçilik berýär. «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň gurluşygy «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleriniň güýji bilen Mary welaýatynda «Şatlyk» gazkompressor stansiýasyndan başlanyp, Balkan welaýatynda «Belek» gazkompressor stansiýasyna çenli guruldy. Ýurdumyzyň çäginde iň uzyny bolan bu gaz geçiriji ähli gaz magistrallaryny bir bitewi halka birleşdirip, «mawy ýangyja» bolan ähli zerurlyklary bökdençsiz üpjün etmek üçin goşmaça kepillikleri döretdi.