744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
24.08.2024
OGT-2024 halkara maslahaty we sergisine Azerbeýjan Respublikasynyň döwlet nebit kompaniýasynyň Prezidenti gatnaşar

Şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2024» (OGT-2024) halkara maslahaty we sergisi gurnalar. 

Sergä Azerbeýjan Respublikasynyň döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) hem gatnaşar. Wekilýete kompaniýanyň prezidenti Rowşan Nadjaf ýolbaşçylyk eder.

OGT-2024 energetika ulgamynda durnukly ösüşiň esasy meýdançasy bolar we döwletiň nebit-gaz senagatyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly mümkinçilikleri döreder. 

Halkara maslahat sebitleýin aragatnaşygyň berkemegine, maýa goýum ulgamynyň geriminiň giňemegine we uglewodorod baýlyklaryň köpelmeginde ekologiki şertler barada pikir alyşmaga giň şertleri özünde jemlär.

 

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkez