Türkmenistanyň häzirki zaman şypahanalary mineral suwlaryň we palçyklaryň şypaly häsiýetleri, şeýle hem häzirki zaman lukmançylyk enjamlary arkaly giň görnüşli sagaldyş bejergilerini hödürleýär.
Şeýle şypahanalaryň biri - Mary welaýatynyň Garagum derýasynyň gözel kenarynda ýerleşýän "Marygazçykaryş" müdirliginiň "Şatlyk" şypahanasydyr. Şypahananyň lukmanlary myhmanlaryň her biri üçin aýratyn bejeriş meýilnamasyny saýlap, giň görnüşli sagaldyş bejergilerini hödürleýär.
"Şatlyk" şypahanasy eýýäm kyrk ýyldan gowrak wagt bäri nebitgaz pudagynyň işgärlerine ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Şypahananyň çägi hakyky jennet künjegi bolmak bilen, seýilgähleri, bag-bakçalary we gül ekilen meýdançalary dynç almak we saglygyňy dikeltmek üçin amatly gurşawy döredýär.
— Biziň şypahanamyz tutuş ýylyň dowamynda özüniň gözel tebigaty, arassa howasy we rahat ýaşaýyş şertleri bilen dürli ýaşdaky adamlary özüne çekýär. Täsin tebigy gurşawyň we häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalarynyň utgaşmagy bilen bu ýer iň ýokary sagaldyş täsirlerini gazanmak üçin mümkinçilik berýär – diýip, şypahananyň ýolbaşçysy Bäşimdurdy Jumaýew aýdýar.
104 adama niýetlenen şypahanada hereket etme-gurnaw agzalarynyň, nerw ulgamynyň we dem alyş ýollarynyň işleýşiniň bozulmalaryny bejermek işleri geçirilýär. Bu ýerde häzirki zaman innowasion bejergi we profilaktika usullary, şol sanda fizioterapiýa - ozokerit parafin bilen ýylylyk bejergisi, Mollagaranyň palçykly örtükleri, sagaldyş bedenterbiýesi, massaž we beýleki bejergi çäreleri ulanylýar. Şypahananyň çäginde 1600 metr çuňlukdan çykarylýan wodorod sulfidli hem esasy bejergi serişdeleriniň biridir. Ol aýratyn hem rewmatizmi we deri kesellerini bejermekde peýdalydyr.