744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
28.08.2024
«Boldumsazetrapgaz» gazçylary gyş möwsümine taýýarlyk işlerini alyp barýarlar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň hünärmenleri ýylyň ýedi aýyny üstünlikli tamamlap, etrabyň çäginde ýerleşýän ilaty, guramalary we kärhanalary «gök ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etdiler.

Şu günki günde etrabyň gazçylary gaz ulgamlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça giň gerimli işleri geçirip, gyş möwsümine işjeň taýýarlyk görýärler. Hünärmenler dürli diametrli gaz geçirijileri täzeden dikeltmek we abatlamak, könelen gaz sazlaýjy enjamlary çalyşmak işlerini amala aşyrýarlar.

Häzirki wagtda Gubadag bölüminiň zähmet topary Gubadag şäherinde we oňa ýanaşyk oba ýerlerinde ýerleşýän 1400 kilometre golaý dürli basyşly gaz geçirijileriň, şeýle hem 370-den gowrak gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň saz ýagdaýda işleýşini gözegçilikde saklaýarlar we gaz enjamlarynyň yzygiderli we bökdençsiz işlemegini gazanýarlar.

Şeýle hem, Gubadag bölüminiň gazçylary bilen «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň işgärleriniň Amyderýa, Gubadag we Abadanlyk geňeşlikleriniň ilatynyň gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça bilelikdäki işlerini bellemek gerek. Bu ilatly ýerlerde hereket edýän 159, 219 we 273 millimetr diametrli gaz geçirijileri arassalanýar, izolirlenýär, aýratyn bölekleri çalşyrylýar. Bularyň hemmesi gyş möwsümine taýýarlyk işleriniň esasy bölegi bolup durýar.

Işlerine jogapkärçilikli çemeleşýän boldumsazly gazçylaryň zähmet üstünlikleri Watanmyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly senesine mynasyp sowgat bolup durýar.