744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
31.08.2024
“Türkmengaz” döwlet konserni Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm ähmiýetli bolan desgalaryň taslamalaryny milli maýa goýumlaryň hasabyna ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

 

Resminama laýyklykda, bu desga üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we gaz gysyjy desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi