744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
02.09.2024
Nebitgaz toplumynda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine garaldy

31-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň geçen ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýändigini belledi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmakda uly ähmiýeti bolan desgalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak hakynda Karara gol çekendigi baradaky hoş habary ýetirdi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, «TAPI Pipeline Company» konsorsiumynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada çykyş etdiler.

Hasabat ýygnagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişi, ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, ulgamyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, täze bazarlara çykmak, daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary, maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny nazara alyp, häzirden taýýarlyk işlerini geçirmegiň wajypdygy we beýleki möhüm ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.

Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow hormatly Prezidentimiziň nebitgaz senagatyny ösdürmekde beren tabşyryklaryna laýyklykda, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde anyk wezipeleri kesgitläp, bu işlerde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzümleriniň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi boýunça öz tekliplerini beýan etdi.