744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
06.09.2024
Senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimizde tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça berýän gaýragoýulmasyz tabşyryklary esasynda tutanýerli zähmet çekip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir aýyny üstünliklere besleýärler.
Konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygyna giňden taýýarlyk görülýän günlerde Diýarymyzyň gündogar sebiti bolan Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Çartak gaz känindäki 54-nji belgili ulanyş gaz guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Munuň özi konserniň gazçylarynyň döwletimiziň baş baýramçylygyna mynasyp toý sowgadydyr.

Müdirligiň burawlaýjylary döwletimiz tarapyndan özlerine berilýän bimöçber kömek-goldawlar hem-de guýulary burawlamakda toplanylan baý iş tejribe arkaly guýynyň buraw işlerini 2 müň 450 metr çuňlukda ýerine ýetirdiler. Olar 2 müň 362 — 2 müň 350 metr çuňlukdaky aralyklardaky gatlaklarda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde bu ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 224 müň 300 kub metr tebigy gaz berýär.

Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt wodorodsyz arassa bolmagy bu gaz käniniň «mawy ýangyjynyň» iň esasy aýratynlygydyr. Bu bolsa gaz guýusyndan alynjak tebigy gazyň hili babatynda dünýä ülňüleriniň ölçeglerine doly laýyk bolmagyny şertlendirýär. Elbetde, bu gaz guýusynyň önüminiň ykdysady taýdan bähbidiniň ýokary boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar.

Nury Hommatjaýewiň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar toparynyň halypa gazçylary guýyny burawlamak işleriniň tehnologik talaplara laýyk ýerine ýetirilip, «mawy ýangyjyň» akymynyň alynmagynda zähmet göreldesini görkezdiler. Gazanylan üstünlikde müdirligiň meýdança geology Abdyrahym Atanepesowyň, burawlaýjylar Arazmet Ýusubowyň, Rejepbaý Kerimowyň, burawlaýjynyň kömekçileri Bahram Kakyşowyň, Bahram Ergeşowyň, guýulary synag ediji toparyň burawlaýjysynyň kömekçisi Orazgeldi Çaryýewiň saldamly goşandy bar.

Häzir «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary «Galkynyş» gaz känindäki 110-njy, 253-nji, 260-njy, 265-nji, 283-nji belgili ulanyş gaz guýularynda-da burawlaýyş işlerini ýokary depgin bilen alyp barýarlar.