744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
09.09.2024
Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Astana şäherine iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler köpugurly döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Özara ynanyşmak we netijeli häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem söhbetdeşler dürli görnüşlerde, şol sanda abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalar netijesinde soňky ýyllarda türkmen-gazagystan gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýokary derejesine ýetildi. Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, biziň ýurtlarymyz deňhukuklylyk, hormat goýmak we özara goldaw esasynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler diýip, taraplar kanagatlanma bilen bellediler we hyzmatdaşlygyň döwrüň talabyna laýyklykda hem-de iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmelidigini nygtadylar.

Söwda, nebitgaz toplumy, oba hojalyk, energetika we beýleki pudaklar geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Häzirki wagtda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi