744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
13.09.2024
Türkmenistan bilen Gazagystan gaz pudagyndaky gatnaşyklary berkidýär

10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew bilen gepleşikler geçirdi. Onda“Türkmengaz” döwlet konserni we Gazagystanyň Energetika ministrligi gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny we bilelikdäki taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilelikdäki tagallalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy strategiki hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykaryp biljekdiklerine ynam bildirdiler.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazedi