744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
19.10.2024
“Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergä we “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahata taýýarlyk görülýär

“Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergä we “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahata taýýarlyk görülýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düýn sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek möhüm çärelere, hususan-da, “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergä hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçiriljek halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, senagat önümçiliginde, energetika, himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda gazananlary bilen tanyşmaga ýardam berer. Bu möhüm çäreleriň çäklerinde gurluşyk-senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň duşuşyklary meýilleşdirilýär. Munuň özi täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam berer. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata, Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Bäherden etrabynda «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi