744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
31.10.2026

Türkiýe Respublikasyna amala geçirýän iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli gepleşikleriň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly itergi berýändigini nygtadylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gepleşikleriň başynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, görkezilen myhmansöýerlik üçin sagbolsun aýtdy we Milli Lideriň mähirli salamyny Türkiýäniň Baştutanyna gowşurdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, doganlyk Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi.