744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
21.10.2024
“Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy uly islege eýe bolýar

Geçen hepde birža söwdalarynda 31 geleşik hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Türkiýäniň we Ukrainanyň işewürleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň telekeçilerine jins we tikinçilik önümleri, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, portlandsement, şeýle hem gazlandyrylan mineral suwlar, gazlandyrylan alkogolsyz içgiler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 290 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 21 million 264 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi