744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
08.11.2024
Çaljulba gaz käninde tebigy gazyň akymyny aldylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary döwlet Baştutanymyzyň uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça berýän möhüm tabşyryklary esasynda döredijilikli zähmet çekip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny zähmet üstünliklerine besleýärler.

Konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary täzelikde ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Çaljulba gaz känindäki 263-nji belgili ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar.  

Bu guýynyň gazuw işleriniň «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işgärleri tarapyndan teklip edilendigini bellemelidir. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, bu ulanyş guýusy her gije-gündizde 194 müň kub metr tebigy gaz berýär. Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň esasy aýratynlygy önümiň kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagydyr. Munuň özi hili babatynda dünýä ülňüleriniň ölçeglerine doly laýyk gelýär. Guýynyň berýän «mawy ýangyjy» ykdysady taýdan örän bähbitli bolar.

Ýeri gelende aýtsak, häzir «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary «Galkynyş» gaz känindäki 110-njy, 231-nji, 253-nji, 260-njy, 263-nji, 283-nji belgili ulanyş gaz guýularynda-da burawlaýyş işlerini üstünlikli alyp barýarlar.