744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
04.01.2025
Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da, adam hukuklaryny hemmetaraplaýyn goramak we olara bolan häzirki zaman wehimlerine garşy göreşmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen ýurdumyzda adam söwdasyna garşy göreşmek ugrunda kanunçylygyň berk binýady kemala getirildi. Munuň özi bu ugurda degişli işleri yzygiderli alyp barmaga ygtybarly hukuk esasyny döredýär. Türkmenistan bu ugurda halkara tagallalara anyk goşant goşýar. Ýurdumyzda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2016 — 2018-nji we 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalary yzygiderli amala aşyryldy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen 2024-nji ýylda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara topar döredildi. Häzirki wagtda agzalan toparyň utgaşdyrmagynda Halkara Migrasiýa Guramasy hem-de BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu Meýilnama 5 bapdan ybarat bolup, olarda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän maksatnamalaýyn çäreler, olary ýerine ýetirmegiň möhletleri, degişli görkezijiler we jogapkär döwlet edaralary kesgitlenildi. Şeýle hem bu ugurda abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyga we parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny, Garaşsyz Watanymyzda adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Adam söwdasy dünýäde örän wajyp hem-de ýiti meseleleriň biridir. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz adam söwdasyna garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça dünýä bileleşigi bilen utgaşykly işleri alyp barmaly. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny makullady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi