Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin okuw maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilelikde guradylar.
Okuw maslahatynyň dowamynda hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki pudaklaryň wekilleri çykyş etdiler.
Okuw maslahatynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda zähmet şertlerini, zähmet gatnaşyklaryny, bu ugurdaky kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmekde, işgärleriň konstitusion zähmet hukuklaryny kepillendirmekde, edara-kärhanalarda, önümçiliklerde amatly zähmet şertlerini döretmekde uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adam döwletiň baş baýlygy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak baradaky başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýär.
Okuw maslahatynyň barşynda gatnaşyjylar zähmeti goramak boýunça hünärmenlere we hukuk goraýjy edaralaryň wekillerine soraglar bilen ýüz tutdular.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti