2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 19-22 aralygynda Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professory Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyplary we ýaş mugallymlary üçin “Energiýa ulgamynyň seljermesi” atly onlaýn hünär ýokarlandyryş sapagyny geçirýär.
Sapakda diňleýjiler häzirki döwürde ulanylýan innowasion tehnologiýalar we täze usullar bilen tanyşdyrylýar. Sapaga gatnaşýanlara “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň ýörite sertifikatlary gowşurylar.
Sapak uniwersitetiň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy we “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti bilen ýakynda baglaşan özara düşünişmek hakynda täze Ähtnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Resminama taraplaryň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ýene 5 ýyl möhlete uzaltdy.
2026-2027-nji okuw ýylynda “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň birnäçe professory sanly ulgam arkaly hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine gelip okuw sapaklaryny geçirer. Sapaklar nebitgaz pudagyna, emeli aňy ornaşdyrmaga, himiýa we gaýtadan işlemäge bagyşlanar. Talyplara we ýaş mugallymlara bu ugurlardaky häzirki zaman innowasiýa tehnologiýalary we olary ornaşdyrmagyň usullary barada sapak berler.
Taraplaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk birnäçe ýyldan bäri dowam edýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we ýaş mugallymlary her ýyl Malaýziýadaky “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde tomusky okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.