744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
21.10.2026

Aşgabatda 20-nji oktýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça Wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmagynda МАМА «Ene Tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda guralan bu halkara çäre ekologiýa abadançygyny üpjün etmäge, tebigata aýawly çemeleşmäge we ýaş nesilde ekologik medeniýeti terbiýelemäge gönükdirilendir. Duşuşygyň çäklerinde taraplar sebitara we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem ýaş nesilleriň saglygy we sazlaşykly ösüşi baradaky meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Çäräniň dabaraly açylyşynda Oguljahan Atabaýewa, Leýla Aliýewa we Saida Mirziýoýewa çykyş edip, bilelikde alnyp barylýan ynsanperwer we ekologiýa taslamalarynyň ähmiýetini nygtadylar. Ekspozisiýada görkezilen eserler arkaly daşky gurşawy goramak, sebitiň haýwanat we ösümlik dünýäsini saklamak hem-de jemgyýetiň ünsüni tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga çekmek ýaly möhüm meseleler çeper keşplerde öz beýanyny tapdy.

Mundan başga-da, saparyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejeli myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine bardylar. Bu ýerde olar türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, dokalyş aýratynlyklary we milli lybaslaryň sergisi bilen tanyşyp, guralan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesine uly baha berdiler.

30-njy noýabra çenli öz işini dowam etdirjek bu halkara sungat sergisi diňe bir medeniýetlerimiziň özara baýlaşmagyna däl, eýsem, sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde we ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini hem jogapkärçiligi berkitmekde uly ähmiýete eýedir.