Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda üç günläp amala aşyryljak «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT — 2026) atly XXXI halkara maslahat we sergi guralýar. Däbe öwrülen bu forum «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen energiýa forumy» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda geçiriler. Garaşsyzlyk ýyllarynda strategiýa dialogynyň we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň möhüm meýdançasyna öwrülen bu çäre uly göwrümli taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge amatly mümkinçilik döredýär. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň okgunly ösüşi, girizilen kuwwatly turbageçiriji ulgamlar we çuňňur burawlama işleri Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň düýpli başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesidir. Yzygiderli geçirilýän nebitgaz forumlary halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, dünýä derejesindäki maýadarlary, maliýe edaralaryny we öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalaryny bir ýere jemlemäge giň şertleri döredýär.
Nobatdaky «OGT — 2026» halkara forumynyň çäklerinde uglewodorod serişdelerini gözlemek hem-de çykarmak, çig maly gaýtadan işlemek, nebithimiýa senagatyny ilerletmek we döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak meselelerine serediler. Maslahat we sergi döwlet edaralarynyň hem-de halkara kompaniýalaryň arasynda täze, iri taslamalary amala aşyrmakda we işewürlik gatnaşyklaryny berkitmekde kuwwatly itergi bolar.