Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça alnyp barlan işler hem-de Watan goragçylarynyň gününe taýýarlyk görlüşi barada bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen dürli çäreler toplumynyň yzygiderli geçirilendigini aýtdy. Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzyň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp baryldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Ýaragly Güýçleri döwrebap harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda harby ulgamda innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan harby hünärmenleri taýýarlamak işleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça meseleleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Soňra Baş prokuror B.Muhamedow prokuratura edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwrebap tejribäniň we sanly ulgamyň peýdalanylmagy arkaly bu edaralaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, şeýle hem prokuratura edaralarynyň işgärleriniň netijeli gulluk etmekleri we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň ýerine ýetirilişine, hukuk namalarynyň kanunylygyna, hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyna prokuror gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 -- 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýdyp, bu babatda Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylda ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ministrligiň garamagyndaky düzümleriň iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, ýangyn howpsuzlygynyň we ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi üçin görülýän çäreler barada aýdyldy. Şeýle hem geçen ýyl we 2025-nji ýylyň başynda ýurdumyzyň welaýatlarynda ulanylmaga berlen döwrebap ugurdaş desgalar barada maglumat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň, şol sanda ýol gözegçilik we ýangyn howpsuzlygy gulluklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.
Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, onuň garamagyndaky ähli bölümlere sanly ulgamyň we öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, ministre işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de dowam etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, kazyýet işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, şeýle hem degişli ösüş Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi we kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokary derejeli hünärmenleri saýlap almaga aýratyn üns berilmelidigini belledi hem-de kazyýet işgärleriniň hünär we bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýtdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli kanunçylygyň many-mazmunyny düşündirmek, hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak işlerini, şeýle hem Türkmenistanyň Kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ähmiýetine ünsi çekdi we Ýokary kazyýetiň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen işleriň we görlen çäreleriň netijeleri, düzümiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin döwrebap usullaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk serhedidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes serhedimiziň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, serhet goşunlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigi barada aýtdy.
Şunuň bilen hatarda, döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen işleri gözegçilikde saklamagy Gullugyň başlygyna tabşyrdy.
Soňra adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklary we borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ilata degişli hukuk kömegini bermek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet düzümleri tarapyndan işlenip taýýarlanylýan hukuk namalarynyň taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we hereket edýän kanunlara laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýylda alnyp barlan işler, Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem onuň işini ösdürmegiň Maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmek babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagynyň, ulag-logistika mümkinçilikleriniň giňelmeginiň gümrük işiniň ýokary derejede guralmagyny, şol sanda ygtybarly gümrük gözegçiliginiň üpjün edilmegini talap edýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gullugyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, gümrük terminallarynyň häzirki zaman barlag-gözegçilik enjamlary bilen üpjün edilmegini, olaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ugurdaş düzümler bilen halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda gullugy ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu düzümiň işgärleriniň gulluk etmegi, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilýändigi, 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatyň geçirilendigi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Gullugyň işini, şol sanda migrasiýa hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, işgärleri taýýarlamak meselelerini Gullugyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini belledi.
Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Bu baýram ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ata Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny ygtybarly goramak, kanunçylygy üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak Watan goragçylarynyň mukaddes borjudyr.
Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny we işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow giňişleýin göçme mejlisi tamamlap, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.