Yurdumyzyň Nebitgaz toplumynyň binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň «Botaş» kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahit Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. Tejribe alyşmak, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda giňeldilýän gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge iki ýurtda-da uly gyzyklanma bildirilýär. Munuň şeýledigini ýangyç-energetika ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ugurlary we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan duşuşyk hem tassyklaýar.
Bellenilişi ýaly, iki doganlyk ýurduň arasynda nebitgaz pudagy boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Geçen ýylyň martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýä amala aşyran saparynyň çäklerinde uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama hem-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurdaky özara hereketleri ilerletmek üçin möhüm şertnamalaýyn binýady emele getirýär.
Türk tarapynyň wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Türkiýede uly hormat hökmünde kabul edilýändigini aýtdylar. Şeýle hem Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin ygtybarly kanunçylyk binýadynyň döredilendigini bellediler. Myhmanlar netijeli gatnaşyklary ösdürmäge döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Olar döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we Türkmenistanda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalary talabalaýyk ýerine ýetirmäge gatnaşmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtadylar.
Çeşme: Türkmenmetbugat