744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
31.01.2025
Geofizikler ýangyç-energetika pudagynyň ösmegi boýunça möhüm işleri alyp barýarlar

2024-nji ýylda geofizikler «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň degişli bolan 245 guýusynda iş alyp bardylar.

Geçen ýyl Balkan welaýatyndaky Goturdepe we Barsagelmez nebit ýataklarynda işler geçirildi. Goturdepe ýatagyndaky ulanyş guýularynyň birinde geçirilen partlaýjy işler onuň öndürijiligini ýokarlandyrdy, şeýle hem «Galkynyş» gaz ýatagynyň guýularynda oňyn netijeler gazanyldy.

2024-nji ýylda geofizikler Mary welaýatyndaky gazyp alýan dolandyryş edaralarynda guýularyň tehniki ýagdaýyny we öndürijiligini kesgitlemek işlerini tamamladylar.

Şu ýyl geofizikler Mary welaýatyndaky Garaşsyzlygyň 10 ýyly, Ýolguyy, Gündogar, Günbatar Şatlyk gaz ýataklarynyň we Döwletabat ýataklar toparynyň guýularynda iş alyp barmagy meýilleşdirýärler.

Ýylyň meýilnamasynda döwrebap geofizika enjamlaryny ulanmak bilen ulanyş we gaz gözleg guýularynda monitoring işleri bar.

Çeşme:orient.tm