744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
04.02.2025
Geçen hepde birža söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepde geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň we Türkiýäniň telekeçilerine jins matalary hem-de pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin polipropileni, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem buýan köküniň goýaldylan ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 67 million 450 müň manada deň boldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi