744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
05.02.2025
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Almaty şäherinde çäre geçirildi

30-njy ýanwarda Almaty şäheriniň Dostluk öýünde Almaty şäherindäki Türkmen jemgyýetçilik-medeni merkeziniň 30 ýyllygynyň, şeýle hem Gazagystanyň halk assambleýasynyň 30 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli çäre geçirildi.

Türkmenistanyň ilçihanasynyň dabaralara gatnaşan işgärleri gutlag sözlerinde şu ýyl bellenilip geçiljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler bilen tanyşdyrdylar.

Tanyşdyrylyşda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesiniň dabaralarynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen gabat gelýändigi bellenildi. Bu bolsa häzirki zaman dünýäsinde Bitarap döwletiň hukuk derejesiniň ähmiýetiniň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly. Bu şygar ýurduň daşary syýasy ýörelgesiniň mazmunyny hem-de durnukly parahatçylyk üçin şertleri döretmäge bolan ymtylyşyny beýan edýär. Şeýle hem tassyklanylan ýylyň nyşany geçiriljek dabaralaryň möhüm alamatyna öwrüler. Onuň tanyşdyrylyşy uly gyzyklanma döretdi, çünki şeýle nyşanlaryň Türkmenistanda çuňňur medeni we taryhy ähmiýeti bardyr.

Şeýle hem çärä gatnaşyjylar görkezilen wideoşekillerden türkmen halkynyň zähmet üstünlikleri hem-de durmuşy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Çärä Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekilleriniň, Gazagystanyň halk assambleýasynyň başlygynyň orunbasarynyň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň, KHBS-niň wekilleriniň, jemgyýetçilik işgärleriniň, Almatynyň häkimliginiň hem-de Gazagystan Respublikasynyň DIM-niň wekilleriniň gatnaşandyklaryny bellemek gerek.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»