744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
05.02.2025
"Daşoguzgazüpjünçilik" müdirliginiň gazçylary gyş möwsüminde ilaty tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär

Gyş möwsüminde ýyladyş ulgamlary işe girizilende «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň işgärleri ýurduň demirgazyk sebitindäki ilaty, guramalary we kärhanalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin iň ýokary tagallalary edýärler.

Gyş aýlarynda «gök ýangyja» bolan islegiň artmagy bilen, gaz geçirijilerde we gaz paýlaýjy enjamlaryndaky basyş ýokarlanýar, bu bolsa aýratyn gözegçiligi talap edýär. Gazçylary gaz ulgamlarynyň ýagdaýyna günüň ähli wagty gözegçilik edip, turbalardaky suwuklygyň doňmagy bilen baglanyşykly mümkin bolan näsazlyklary aradan aýyrýarlar.

Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň şäherlerinde we obalarynda dürli basyşly 13 200 kilometreden gowrak gaz geçiriji, şeýle hem 5 160-dan gowrak gaz paýlaýjy we düzgünleşdiriji enjam hereket edýär. Bularyň hemmesi welaýatyň şäherlerinde we obalarynda gaz üpjünçiliginiň ygtybarly işlemegini üpjün edýär.

2025-nji ýylda 13 million manat möçberinde maýa goýumlary özleşdirmek, şeýle hem iri taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmek meýilleşdirilýär.2024-nji ýylda gaz üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak işleri üstünlikli tamamlandy. Bu işler Gülistan obasynda, Panahan obasynda, Andalyp we Gubadag şäherlerinde amala aşyryldy. Gaz geçirijileriň döwrebaplaşdyrylmagy we täzeleriniň gurluşygy Boldumsaz etrabynda we beýleki sebitlerde hem dowam eder.

Bu taslamalar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna we ýurduň demirgazyk sebitinde durnukly hem-de ýokary hilli gaz üpjünçiliginiň ýola goýulmagyna ýardam berýär.