744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
08.02.2025
Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby 2024-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýip yglan edildi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa söz berdi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini bäsleşikli esasda ösdürmek baradaky asylly ýörelge hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, degişli topar tarapyndan tassyklanylan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Şunlukda, durmuş, ykdysady, medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyny 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2025-nji ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi