744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
12.10.2023
Dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň hünärmenleridir ýolbaşçylary, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Berdimyrat Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew dagy öz çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen şanly 32 ýylynda ýurdumyz boýunça ýetilen belent sepgitler hem-de onuň öň ýanynda ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň we kabul edilen döwletli çözgütleriň türkmen halkynyň buýsanjyny, şatlygyny has-da artdyrandygyny bellediler. Döwletli maslahatda Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bolsa her bir ynsanyň göwnüni ganatlandyran, ruhuny galkyndyran ajaýyp taryhy waka öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşlary, kesgitlenilen wajyp wezipeler tutuş adamzadyň şu gününiň hem-de ýagty geljeginiň bähbidine gönükdirilendir. Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady we ýaşaýyş-durmuş taýdan ýokary ösüş depginlerine eýe bolýar. Türkmenistan demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýadyny tutup, Garaşsyzlyk taglymaty esasynda berkararlygynyň esaslaryny berkidýär, durnukly durmuşy, ykdysady ösüşi üpjün edýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrýar. Şonuň netijesinde ata Watanymyz, mähriban halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymatyna we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoluna eýerip, beýik geljege tarap öňe barýar. Bular dogrusynda dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň hünärmeni Mergen Amanow, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Umumy bölüminiň baş hünärmeni, konserniň demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy Muhammetmyrat Atagarryýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geofizika bölüminiň baş hünärmeni Çeper Babaýewa dagy öz çykyşlarynda buýsanç bilen bellediler. Dabaraly çäräniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary nebitgazçylarda we myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.