Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit we gaz ojaklaryny özleşdirmek kafedrasynyň öwreniji mugallymy Serdar Hojagulyýew tarapyndan «Çylşyrymly şertlerde özleşdirilýän gaz känleriniň önüm berijiligini ýokarlandyrmak» atly ylmy iş ýerine ýetirildi. Barlag Ş-1 gazkondensat käniniň mysalynda geçirilip, tebigy gazyň başlangyç gorundan galan, ozal önümçilige çekilmedik bölegini gaýtadan özleşdirmegiň tehnologiýa we ykdysady mümkinçilikleri öwrenildi. Bu barada «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynda habar berildi.
Ylmy işiň esasy aýratynlygy onuň diňe bir nazary hasaplamalara däl-de, eýsem, hakyky geologiýa we önümçilik maglumatlaryna esaslanmagydyr. Geçirilen seljermeler arkaly känleriň gidrodinamiki aýratynlyklary kesgitlenilip, önümli gatlaklaryň häzirki ýagdaýyna we özleşdirmegiň soňky tapgyrlarynda ýüze çykýan kynçylyklara baha berildi.
Barlaglaryň dowamynda gaz känleriniň uzak möhletleýin ulanylmagy netijesinde gatlak suwlarynyň täsiriniň guýularyň işine ýetirip biljek täsiri hem öwrenildi. Şunuň bilen baglylykda, suw basma hadysalarynyň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, hereket edýän gatlak suwlarynyň möçberi hasaplanyldy. Bu maglumatlar känlerde galan gaz gorlaryny gaýtadan önümçilige çekmegiň tehnologiýa şertlerini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Ylmy işiň maksady diňe goşmaça gaz önümçiligini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýataklaryň ahyrky gaz berijilik derejesini we ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin taýýarlanan tekliplerde önümçilik ýagdaýlary, suwlaryň täsiri hem-de ulanylýan tehnologiýalaryň ykdysady taýdan amatlylygy toplumlaýyn göz öňünde tutulýar.
Geçirilen barlaglaryň netijesinde işlenip taýýarlanan çözgütleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş», «Lebapgazçykaryş» we «Marygazçykaryş» müdirlikleriniň iş tejribesinde ulanmak teklip edilýär. Şeýle ylmy gözlegler özleşdirilýän känleriň mümkinçiliklerine täzeçe baha bermäge, ýerasty baýlyklardan has netijeli peýdalanmaga we gaz önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer.