Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 17–19-njy sentýabr aralygynda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň giň gerimli sergisi geçiriler. Möhüm çäräniň çäklerinde milli ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda gazanylan üstünlikler, senagat we önümçilik kuwwaty, täzeçil taslamalar hem-de döwrebap önümler köpçülige hödürlener.
Sergide Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynyň gazananlary aýratyn orun alar. Onda ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan iri taslamalar, önümçilik mümkinçilikleri, pudagyň maddy-tehniki binýadyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumatlar görkeziler.
Şeýle hem sergide senagat, gurluşyk, oba hojalygy, ulag-aragatnaşyk, dokma we beýleki ulgamlarda gazanylýan netijeler öz beýanyny tapar. Ýurdumyzda önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler tanyşdyrylar.
Häzirki wagtda sergä taýýarlyk işleri ýokary derejede dowam edýär. Oňa döwlet edaralary, pudaklaýyn kärhanalar hem-de hususy kompaniýalar işjeň gatnaşýar. Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan bu giň gerimli çäre Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny, önümçilik mümkinçiliklerini we durnukly ösüş ýolunda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän möhüm wakalaryň biri bolar.