Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Wise-premýer Guwanç Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz känlerinden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, çig nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda önümçilik işlerine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Wise-premýer nebitgaz pudagynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, şol sanda buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça taýýarlanan teklipleri döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, nebitgaz känlerini döwrebap usullar arkaly özleşdirmek we uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutany taýýarlanan teklibi makullap, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de bu ugurdaky çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.