Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kanunçylygy kämilleşdirmek, ykdysadyýeti ösdürmek, önümçilik pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Mejlisde täze kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleriň girizilişi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk hem-de parlamentara hyzmatdaşlyk boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berildi. Şeýle-de Aşgabatda innowasiýalar, sanly ykdysadyýet, emeli aň we elektron hökümete bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.
Nebitgaz pudagynda çykarylyşy artdyrmak, oba hojalygynda bugdaý ekişini we pagta ýygymyny guramaçylykly dowam etdirmek, sement önümçiligini durnukly alyp barmak hem-de dokma senagatynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy, şeýle hem oktýabr aýynda ýokary okuw mekdeplerinde gurluşyk, sanly ykdysadyýet we emeli aň boýunça halkara ylmy-amaly maslahatlary guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Saparyň çäklerinde ykdysadyýet, maýa goýum, ulag-logistika, senagat, daşky gurşaw, ylym we bilim ugurlarynda täze hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem milli raýat awiasiýasyny halkara standartlaryna laýyklykda ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň soňunda döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meseleler boýunça hem degişli çözgütler kabul edildi.