744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
18.02.2025
Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

14-nji fewraldaky söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, iň ýokary döwlet derejesinde saparlary taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns berildi.

Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki özara gatnaşyklaryna garadylar.

Mundan başga-da, ministrler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek barada pikir alyşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi