744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
18.02.2025
Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak we halkara ynsanperwer hukugyny berjaý etmek ugrundaky işleri barada brifing geçirildi

17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda halkara ynsanperwer hukugyny berjaý etmek ugrundaky işleri barada brifing geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň wekilleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň açylyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner, şeýle-de, iş sapary bilen Aşgabada ilkinji gezek gelen, Adam hukuklary boýunça Geňeşiň we şertnamalaýyn mehanizmleriň işini üpjün etmek boýunça departamentiň ýolbaşçysy Mahamane Sisse-Guro çykyş etdiler.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Uniwersal döwürleýin synynyň (UDS) dördünji aýlawynyň çäklerinde, halkara hyzmatdaşlardan alnan teklipleri göz öňünde tutup, adam hukuklaryny goramak we gender deňligini üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleri barada maglumat berildi.

Brifinge gatnaşyjylar BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasy bilen bilelikdäki işiniň çäklerinde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin pudagara toparynyň alyp barýan işleriniň netijeleri bilen tanyşdylar.

Bu ugur boýunça Türkmenistanyň halkara guramalar bilen geljekki hyzmatdaşlygy barada pikir alyşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi