744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
13.10.2023
Serdar Berdimuhamedow Bişkekde GDA-nyň Sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkege iş saparynyň barşynda ýokary derejedäki kiçi düzümdäki duşuşyk bilen başlanan GDA agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşýar diýip, TDH habar berýär. Kiçi düzümdäki duşuşykdan soňra taraplaryň hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda GDA agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň giňeldilen düzümdäki mejlisi geçiriler. Sammitiň gün tertibi Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürilmek, dürli ulgamlarda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak we ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ýaly köp sanly meseläni öz içine alýar. Duşuşyga şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarusdan Aleksandr Lukaşenko, Gazagystandan Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystandan Sadyr Žaparow, Russiýadan Wladimir Putin, Täjigistandan Emomali Rahmon, Özbegistandan Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.