Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir iş gününi ýokary zähmet üstünliklerine besleýän «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň zähmetsöýer işçi-hünärmenleri demirgazyk welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde şu ýylyň ilkinji aýyny netijeli jemlediler. Müdirligiň gazçylarynyň birleşen tagallalary netijesinde häzirki gyş günlerinde welaýatyň obadyr şäherlerinde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 13 müň 200 kilometrine golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 5 müň 160-dan gowragyna ýokary derejede gözegçilik edilip, bitewi gaz ulgamynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi gazanylýar.
Bu ugurda müdirligiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işçi-hünärmenleriniň häzirki gyş möwsüminde alyp barýan gündelik derwaýys işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ol ýerde bolanymyzda, edaranyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleriniň Boldumsaz şäherinde bar bolan gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň gözegçilik-barlag işlerini dowam edýän pursatlary biziň ünsümizi özüne çekdi.
— Howanyň sowuk döwri gaz hojalyk edaralarynyň işgärlerinden ýokary eserdeňligi talap edýär. Çünki gyş aýlarynda edara-kärhanalaryň, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen tebigy gaz köp sarp edilýär. Netijede, gaz geçirijilerde tebigy gazyň basyşy ýokarlanýar. Ýüze çykmagy mümkin bolan näsazlyklaryň öňüni almak maksadynda häzirki döwürde gullugymyzyň Mämmet Kerimow, Allanazar Haýydow, Guwanç Orazmedow, Hemra Amanow ýaly bejeriji slesarlary hem-de elektrik we gaz bilen kebşirleýjileri Orunbaý Saparbaýew hem-de Ýusup Paltaýew dagynyň birleşen tagallalary netijesinde gaz geçirijileriň we gaz sazlaýjy enjamlaryň gözegçilik-barlag işlerini yzygiderli alyp barýarys.
Gullugymyzyň işçi-hünärmenleri bu işlerden başga-da, «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrabymyzdaky şahamçasynyň agzalary bilen bilelikde ýurdumyzda hereket edýän Prezident Maksatnamalaryna laýyklykda, täze ilatly ýerleri gazlaşdyrmakda hem netijeli işleri alyp barýarlar. Bu babatda gürrüň edenimizde, geçen 2024-nji ýyl edaramyzyň gazçylary üçin iň bir buýsançly ýyllaryň biri boldy. Olaryň durmuşa geçiren öwgä mynasyp işleri netijesinde etrabymyzda emele gelen ençeme täze maşgalalar gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görmek bagtyna eýe boldular. Munuň üçin olar halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarlar. Şu işlerde biziň gullugymyzyň gazçylarynyň hem saldamly paýynyň bolmagy diýseň buýsandyrýar — diýip, edaranyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň ussasy Guwanç Saryýew buýsanç bilen aýdýar.
2024-nji ýylda gaz hojalyk edarasynyň gazçylary tarapyndan etrabyň Medeniýet geňeşliginiň Kuwwat we Zähmetkeş geňeşliginiň Gara ýylgyn obalarynda bar bolan dürli basyşly gaz geçirijilerde alnyp barlan düýpli abatlaýyş işleriniň netijesinde hem-de Almalyk geňeşliginde öň bar bolan göwrüminiň ölçegi 89 millimetrlik gaz ulgamynyň 1 müň 200 metr ýeriniň durkunyň 159 millimetrlik gaz geçirijisi bilen çalşylmagy bilen bu ýerlerde ýaşaýan ilatyň tebigy gaza bolan islegi doly kanagatlandyrylypdyr. Dürli derejeli işçi-hünärmenleriň bir ýüz otuza golaýynyň agzybirlikde zähmet çekýän edarasynda dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 1 müň kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 343 sanysyna ýokary derejede gözegçilik edilip, edara-kärhanalar bilen bir hatarda, Boldumsaz şäherinde we etrabyň oba ýerlerinde ýaşaýan on üç müňden gowrak hojalygyň ilatynyň ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görmegine zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilipdir.
Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti