21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini döwrebap guramakda ýokary bilimli, halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.