744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
04.03.2025
OPEC-iň Baş sekretarynyň TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşmagyna garaşylýar

Nebiti eksport ediji ýurtlaryň gurmasy (OPEC) 23-24-nji aprelde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek "Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyna" (TEIF 2025) möhüm goşant goşar.

Geçiriljek forumy gurnaýjylaryň aýtmagyna görä, oňa OPEC-iň Baş sekretary Haýtam Al-Gaýs (Haitham Al-Qais) gatnaşar. Ol forumda global energiýa gün tertibi barada öz pikirlerini beýan eder.

OPEC-iň Baş sekretarynyň foruma gatnaşmagy, Türkmenistanyň halkara energiýa meýdanynda möhüm ornunyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Al-Gaýsyň çykyşy gatnaşyjylara dünýä nebit we gaz bazarlarynyň häzirki hem geljekki ýagdaýy barada möhüm maglumatlary berer. Onuň çykyşynda nebit-gaz pudagyndaky strategiki çaklamalar we OPEC-iň global energiýa pudagyna bolan garaýyşlary jemlener. Bu bolsa TEIF 2025 üçin aýratyn möhümdir. Sebäbi OPEC-iň bu foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň energiýa pudagynda barha artýan ähmiýetini görkezýär.

Al-Gaýsyň pikirleri, işjeň maýadarlar üçin möhüm şert döredip, Türkmenistanyň energiýa pudagyndaky maýa goýum mümkinçilikleri barada özboluşly teklipleri hödürlär. Onuň çykyşy nebit-gaz bazarynyň durnuklylygy, geljekdäki energiýa islegi we energiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti ýaly temalary öz içine alar diýlip garaşylýar.

OPEC-iň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda TEIF 2025 halkara energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin esasy meýdança hökmünde öz ornuny güýçlendirer.

TEIF 2025 forumy "Türkmennebit" we "Türkmengaz" döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, “Türkmen Energiýa Forum” HJ-i bilen hyzmatdaşlykda guralar.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti