«Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň önümçilik düzümlerinden işgärleriň gatnaşmagynda 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygary, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi bilen bagly maslahat geçirildi.
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda geçirilen maslahat Aşgabat şäher häkimliginiň guramaçylygynda gurnaldy. Maslahatyň dowamynda Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy Şirinjemal Ýegelekowa, TDP-niň Aşgabat şäher Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şirin Mämmedowa, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Atajan Atajanow, TAP-yň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni Mekan Atageldiýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Arazgül Orazowa, şeýle-de nebitgaz toplumynyň, degişli toplumyň kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri çykyş etdiler.
Çykyşlarda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň we 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetli aýratynlyklaryndan, bu babatda kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň halkara syýasy giňişliginiň ygtybarly agzasy hökmünde açyk, parahatçylyk söýüji, oňyn we aýdyň daşary syýasaty alyp barýandygy, sebitleýin hem-de halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde dünýäde uly orun eýeleýändigi, özüniň Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak arkaly halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk medeniýeti hakyndaky Jarnamasynyň we hereketleriň Maksatnamasynyň wajyplygyny nazara alyp, ýurdumyzyň Ýer ýüzüniň köp sanly döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly, birek-birege ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary saklaýandygy aýratyn nygtalyp geçildi. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigi, bu ugurda ýurdumyzda halkara derejede netijeli işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlary, myhmansöýerligi, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigi we ynamly öňe barýandygy, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigi, bu ugurda halkara derejede netijeli işleriň amala aşyrylýandygy bütin dünýä aýdyň görkezilýär.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti