744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
18.10.2023
Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy diýip, TDH agentligi habar berýär. Günortanlyk nahary wagtyndaky duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler iki döwletiň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu bolsa özara bähbitlere laýyk gelýän ynanyşmak dialogynyň kemala gelmegine ýardam berýär. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk pudaklary we beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem taraplar iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.