Gaz we gazkondensat ýataklaryny özleşdirmegiň esasy tapgyrlarynyň biri, çak edilýän gaz çykarylyşyna laýyklykda, peýdalanyş guýularynyň optimal gurluşyny saýlamakdyr. Bu çözgüt, basyş ýitgilerini we gaz çykarylyşyny seljermek, şeýle hem gatlagyň geologik aýratynlyklaryny we tehnologik talaplaryny göz öňünde tutmak esasynda kabul edilýär. Guýynyň gurluşy diňe bir ykdysady taýdan peýdaly bolman, eýsem, fiziki-geologiki şertlere hem laýyk gelmelidir.
Kadalaşdyryjy talaplara laýyklykda, peýdalanyş guýularynyň gurluşy gözleg guýularyndan alnan maglumatlaryň esasynda kesgitlenilýär. Eger gözleg guýularynyň burawlanyşy doly we dogry ýerine ýetirilen bolsa, ykdysady taýdan bähbitli we esaslandyrylan peýdalanyş guýusynyň gurluşyny saýlap bolýar. Peýdalanyş guýularynyň gurluşyny taslamasy taýýarlanylýarka, gözleg guýularynyň burawlanyş tejribesi we olaryň gurluşy boýunça maglumatlar hökmany suratda göz öňünde tutulýar. Geologiki taýdan çylşyrymly we çuň ýataklarda bolsa, guýularyň gurluşyny has-da çylşyrymlaşdyrmak üçin goşmaça aralyk sütünler girizilýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň uly ylmy işgäri Nurmämmet Annamyradowyň bellemegine görä, gaz peýdalanyş guýularynyň gurluşyna goýulýan esasy talaplaryň biri — hermetiklik, ýagny guýynyň we ony gurşap alan dag jynslarynyň üsti bilen gazyň syzmagynyň öňüni almakdyr. Peýdalanyş sütüniniň diametri näçe kiçi bolsa, hermetiklik şonça-da aňsat üpjün edilýär. Emma kiçi diametrli guýularyň käbir kemçilikleri hem bar. Olar esasan, guýularda ýerine ýetirilýän ýerasty abatlaýyş işleri bilen baglanyşyklydyr. Gaz guýularynyň hermetiklik derejesi, esasan, mufta birikmeleriniň we sütünleriň sementlenişiniň hiline baglydyr. Hermetiklik ýörite berkidiji we izolirleýji materiallary ulanmak, sement halkasynyň dogry galyňlygyny üpjün etmek hem-de turbalaryň daşky boşlugyny doly sementlemek arkaly gazanylýar. Talap boýunça sement peýdalanyş sütüniniň ýokarky bölegine çenli çykarylýar. Gaz we gazkondensat çykarylyşy, esasan, nasos-kompressor turbalary hem-de peýdalanyş sütünleri arkaly amala aşyrylýar. Nasoslar we kompressorlar guýularyň iş wagtynyň gysgaldylmagyna hem-de öndürijiliginiň artmagyna täsir edýär.
Gazda poslama döredýän komponentleriň (uglewodorod, kömürturşy gazy we beýlekiler) çäklenen konsentrasiýasyndan geçmeginiň öňüni almak möhümdir. Mundan başga-da, peýdalanyş sütünleri arkaly gaz çykarylyşy, köplenç, guýynyň düýbünden dürli garyndylary, dag jynslaryny we suwuklyklary doly çykarmaga mümkinçilik bermeýär. Şol sebäpden guýulara nasos-kompressor turbalary oturdylýar. Emma nasos-kompressor turbalary arkaly gaz çykarylyşy artdyrylan ýagdaýynda, guýy derejesindäki basyş ýitgisi hem ýokarlanýar. Turbalaryň diametri näçe kiçi bolsa, basyş ýitgileri şonça-da uly bolýar. Gaz çykarylyşyň möçberi artdygyça, nasos-kompressor turbalaryndaky basyş ýitgileriniň tapawudy hem çalt ýokarlanýar.
Peýdalanyş guýusynyň gurluşyny saýlanyňyzda, çak edilýän gaz çykarylyşyny, rugsat berilýän iş basyşyny, şeýle hem guýynyň düýbünden suwuklygyň we gaty bölejikleriň çykarylyş tizligini göz öňünde tutmak möhümdir. Şunuň esasynda nasos-kompressor turbalarynyň diametri hasaplanýar.