13-nji martda Türkmenistanyň DIM-de şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025–2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.
Çärä Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara toparynyň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow öz çykyşynda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara topary tarapyndan degişli halkara guramaly, ýagny Migrasiýa boýunça halkara guramasy (IOM) we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirligi (UNODC) bilen ysnyşykly utgaşyklykda işlenilip taýýarlanylan bu täze resminamanyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Baş prokurory, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara toparynyň başlygy Begmurat Muhamedow Milli meýilnamanyň bäş bölümden ybarat bolup, bölümlerde maksatlaýyn çäreleriň, olary durmuşa geçirmegiň möhletleriniň, degişli görkezijileriň, bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkär döwlet edaralaryň kesgitlenendigini nygtady.
Çykyş edenler bu resminamanyň kabul edilmeginiň, ilkinji nobatda, Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň we goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmaga, adam hukuklary boýunça ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, ynsanperwer ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şeýle hem milli derejede wehimleriň öňüni almak bilen bagly işleri üns merkezinde saklamaga gönükdirilendigini bellediler.
Tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylar resminamada berkidilen wezipeler we strategiki ugurlar bilen jikme-jik tanyşdylar hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen bagly pikir alyşdylar.